Fuat Oktaý: "Türkiýe epidemiýadan soň önümçilik merkezi bolar" diýdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyndan soň iň möhüm önümçilik merkezleriniň biri ýagdaýyna öwrüljekdigini habar berdi

1603520
Fuat Oktaý: "Türkiýe epidemiýadan soň önümçilik merkezi bolar" diýdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Bütindünýä Ykdysadyýet Forumynyň çäginde onlaýn görnüşde geçirilen "Ýurt strategiýasy dialogy Türkiýe maslahatynda" ýörite myhman hökmünde çykyş etdi. 

Fuat Oktaý, çykyşynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň liderlik etmeginde Türkiýäniň saglygy goraýyş, sosial howpsuzlyk, sanly we önümçilik bilen birlikde ähli ugurlarda ykdysadyýetiniň abadançylygyna we garşylygyna goşant goşjak ädimler edip, ozal görülip-eşidilmedik dessan ýazandygyny we epidemiýa garşy göreşde dünýä nusga bolandygyny mälim etdi. 

Fuat Oktaý: "Türkiýe we Hytaý položitel ösüş eden bolsa, beýleki ösen ýurtlaryň ykdysadyýetleri umuman alanyňda peseldi" diýip habar berdi. 

Kowid-19-a garşy sanjym tapgyrynda Tükriýäniň dünýäde ilkinji 5-lige girýändigini aýdan Oktaý, şonuň bilen birlikde ýardam elini bu kyn tapgyrda mätäç bolan ýurtlara uzadandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar