"Türkiýe-ÝB Gatnaşyklarynda Ozalky Ýalňyşlyklar Gaýtalanmaly Däl"

Çawuşogly; “Türkiýäniň uly howpa sezewar bolan günlerinde-de ÝB strategik ähmiýetine bilýäris diýýändigine garamazdan Türkiýäni goldamady” diýdi

1602422
"Türkiýe-ÝB Gatnaşyklarynda Ozalky Ýalňyşlyklar Gaýtalanmaly Däl"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda ösüş etmek üçin geçmişde edilen ýalňyşlyklaryň gaýtalanmaly däldigini, ÝB-niň içgin we strategik çemeleşmelidigini beýan etdi.

Ministr Çawuşogly paýtagt Ankarada Slowakiýanyň Daşary işler we Ýewropa işlerinden jogapkär ministri Iwan Korjok bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Türkiýe-ÝB gatnaşyklary barasynda durup geçdi.

Fetullahçy terror guramasynyň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyndan soň ÝB-niň şol wagtky ýolbaşçylarynyň Türkiýä sapar guramandyklaryny we ýeterlik goldaw bermändiklerini kabul edip, ötünç sorandyklaryny beýan eden Çawuşogly; “Türkiýäniň uly howpa sezewar bolan günlerinde-de ÝB strategik ähmiýetine bilýäris diýýändigine garamazdan Türkiýäni goldamady” diýdi.

Çawuşogly Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gepleşikleriň syýasy sebäplerden bes edilendigine ünsi çekip; “Elimizde diňe Bosgunlar hakyndaky ylalaşyk galdy. Oňa seredilende-de 2016-njy ýyldan bäri Türkiýe şol ylalaşygyň ähli borçlaryny berjaý etdi. ÝB bolsa ýerine ýetirmedi, ýetirip bilmedi, ýetirmek islemedi” diýdi.

Soňky bir ýylyň dowamyndaky dartgynlyklara seredilende bolsa ÝB-niň öz gymmatlyklaryna bap gelmeýändigine garamazdan arkalaşyk düşünjesine laýyklykda dolulygyna Türkiýä garşy durandygyna ünsi çeken Çawuşogly: “ÝB-ne agza  ýurtlaryň nähak syýasatlaryny we maksimalist talaplaryny goldamaga mejbur boldy” diýdi.

Çawuşogly 2020-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen liderleriň sammitinden soň oňyn şertleriň ýüze çykandygyny beýan edip: “Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň öňe gitmegi üçin geçmişdäki ýalňyşlyklar gaýtalanmaly däl, ÝB içgin we strategik çemeleşmeli” diýdi.



Degişli Habarlar