Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 65 Boldy

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 15 müň 82 adama ýetdi

1600685
Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 65 Boldy

 

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 65 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 29 müň 421 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 150 müň 98 adam testden geçirilip, ýene-de 841 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 15 müň 82 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 15 müň 287 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 685 müň 560 adama ýetdi.



Degişli Habarlar