“Müsür Bilen Aragatnaşyga Geçildi”

Çawuşogly saparyndan soň Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT beýannama berdi.

1600052
“Müsür Bilen Aragatnaşyga Geçildi”

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkmenistandan başlan, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen dowam eden saparyny Katar bilen tamamlady.

Çawuşogly saparyndan soň Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT beýannama berdi.

Türkiýe bilen Müsüriň arasynda aragatnaşyga geçilendigini aýdan Çawuşogly “Şertsiz aragatnaşyga geçildi” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly “Müsür bilen hem howpsyzlyk hem-de diplomatik derejede gepleşikler geçirler” diýdi.

Kataryň paýtagty Dohada, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Kataryň Daşary işler ministri Şyh Muhammed Bin Abdurraman Al Tani bilen gepleşik geçirendigini aýdan Çawuşogly, “Siriýadaky gumanitar ýagdaýyň ortadan aýrylmagy üçin Kataryň uly jogapkärçilik almak isleýändigini gördük” diýip belledi.

Amerikan hökümeti bilen geçirlen gepleşikler hakynda hem durup geçen Çawuşogly gepleşiklerde S-400 howa goranyş ulgamlary hakynda pikir alyşandyklaryny ýatlatdy.

Çawuşoglý, saudy žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýatyndan soň, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri bilen dartgynlaşan gatnaşyklaryň oňyn ýüzlenmeler bilen kadalaşmaga başlandygyny aýtdy.

Owgan hökümeti bilen Talibanyň arasynda geçirilýän gepleşikler hakynda hem durup geçen Çawuşogly “Owganystanda parahatçylyk etaby maslahatynyň aprel aýynda Stambulda geçirilmegini meýilleşdirýäris” diýdi.



Degişli Habarlar