Çanakgalada we Izmirde 56 bosgun halas edildi

Bosgunlar deslapky işlerden soň Migrasiýa edarasynyň welaýat müdürligine alynyp gidildi

1593187
Çanakgalada we Izmirde 56 bosgun halas edildi

Çanakgalada Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar, Çanakgala welaýatynyň Aýwajyk etrabynyň Siwrije diýilen ýerinde 2 aýry halas ediş salanyň bardygyny anyklady. 

Sebite gönükdirilen toparlar, Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 33 bosguny halas etdiler. 

Kenara çykarylan bosgunlar, geçirilen deslapky işlerden soň Aýwajyk etrabynyň Migrasiýa edarasynyň Daşary ýurt raýatlaryny yzyna ugratmak merkezine gönükdirildi. 

Izmir welaýatynyň Çeşme etrabynda bolsa motory näsazlanan gaýykdaky bosgunlar kömek berilmegini haýyş etdiler. 

Sebite gönükdirilen Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar, 23 bosguny halas etdiler. 

Bosgunlar deslapky işlerden soň Migrasiýa edarasynyň welaýat müdürligine alynyp gidildi. 



Degişli Habarlar