Halas Edilen 15 Deňizçi Türkiýä Getirildi

Deňizçileri Stambul howa menzilinde maşgalary garşylady.

1583086
Halas Edilen 15 Deňizçi  Türkiýä Getirildi

 

Nigeriýanyň suw giňişliginde zamun alynan Mozart atly gämiden halas edilen 15 deňizçi THÝ-nyň uçary bilen Türkiýä getirildi.

Deňizçileri Stambul howa menzilinde maşgalary garşylady.

Daşary işler ministri Mewlit Çawuşoglu hem howa menzilinde deňizçileri garşylady.

Zamun alynan deňizçilerden Dogan Jan Jengil ýurda gelendikleri üçin bagtlydykaryny nygtap “Agyr günleri başdan geçirdik. Emma hem döwletimiz hem-de firmamyz uly goldaw berdi we ýurdumyza dolandyk” diýdi.

Liberiýanyň baýdagyny göterýän “Mozart” atly gämi, 23-nji ýanwarda Nigeriýanyn Lagos şäherinden 180 mil alysda deňiz garakçylarynyň hüjümine sezewar bolupdy.

Lagosdan Günorta Afrika tarap barýan gämidäki 19 adamlyk ekipaždan Azerbaýjanyň raýaty bolan 1 adam öldürlipdi, 15-i zamun alnypdy.

Gämi 3 adamlyk ekipažy bilen Gabona barypdy. Hüjümden halas bolan 3 türk deňizçisi 30-njy ýanwarda Türkiýä getirlipdi.

Zamun alynan 15 deňizçi hem öňňin halas edilipdi.



Degişli Habarlar