Türkiýede 3,5 Million Adama Sanjym Edildi

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, häzire çenli 3,5 milliondan gowrak adama Kovid-19 sanjymynyň edilendigini aýtdy

1582616
Türkiýede 3,5 Million Adama Sanjym Edildi

 

Türkiýede täze görnüş koronawirusa garşy sanjym etdirenleriň sany 3,5 million adamdan geçdi.

“Kovid-19 Sanjym Milli sanjymlaýyş strategiýasynyň” çäginde 14-nji ýanwarda saglygy goraýyş işgärlerinden başlanan sanjym tapgyry dowam edýär.

Şol çäkde Türkiýede häzire çenli 3 million 167 müň 200 adama CoronaVac sanjymynyň birinji dozasy edildi.

14-nji ýanwarda ýurduň çar tarapyndan başladylan sanjym tapgyrynyň çäginde birinji doza sanjymlaryny etdiren saglygy goraýyş işgärleri 28 gün soň ikinji doza sanjymlaryny etdirmäge başlady.

Ikinji doza sanjymyny etdirenleriň sany 397 müň 820 adama ýetdi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Twitterden beren habarnamasynda, häzire çenli 3,5 milliondan gowrak adama Kovid-19 sanjymynyň edilendigini aýtdy.

Öňňin70 ýaşyndan ýokardaky raýatlara sanjym edilmäge başlanypdy. Bu ýaş topary hem 28 gün soň ikinji doza sanjymlaryny etdirer.

Düýnden başlap bolsa 65 ýaşyndan ýokardakylar Kovid-19 sanjymlaryny etdirmäge başlady.



Degişli Habarlar