Türkiýede 3 Million 40 Müň Adama Kovid-19 Sanjymy Edildi

Şu günden başlap bolsa 65 ýaşyndan ýokardakylar Kovid-19 sanjymlaryny etdirmäge başlady

1582419
Türkiýede 3 Million 40 Müň Adama Kovid-19 Sanjymy Edildi

 

Türkiýede täze görnüş koronawirusa garşy sanjym etdirenleriň sany 3 million adamdan geçdi.

“Kovid-19 Sanjym Milli sanjymlaýyş strategiýasynyň” çäginde 14-nji ýanwarda saglygy goraýyş işgärlerinden başlanan sanjym tapgyry dowam edýär.

Şol çäkde Türkiýede häzire çenli 3 million 40 müň 828 adama CoronaVac sanjymynyň birinji dozasy edildi.

14-nji ýanwarda ýurduň çar tarapyndan başladylan sanjym tapgyrynyň çäginde birinji doza sanjymlaryny etdiren saglygy goraýyş işgärleri 28 gün soň ikinji doza sanjymlaryny etdirmäge başlady.

Ikinji doza sanjymyny etdirenleriň snay 317 müň 361 adama ýetdi.

Düýn 70 ýaşyndan ýokardaky raýatlara sanjym edilmäge başlandy. Bu ýaş topary hem 28 gün soň ikinji doza sanjymlaryny etdirer.

Şu günden başlap bolsa 65 ýaşyndan ýokardakylar Kovid-19 sanjymlaryny etdirmäge başlady.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #sanjym , #koronawirus

Degişli Habarlar