"Penje Bürgüt-2" operasiýasynda ýaralanan esger şehit boldy

Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde başladylan "Penje-Bürgüt-2" operasiýasynda düýn terrorçylar bilen bolan çaknyşykda ýaralanan ýene-de bir esger şehit boldy

1581515
"Penje Bürgüt-2" operasiýasynda ýaralanan esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, operasiýada ýaralanan we hassahana ugradylan esgeriň halas edilip bilinmändigi we şu gün şehit bolandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bizi çuňňur gynandyran we gam-gussa bogan bu wakada ýogalan eziz şehit esgerimize Alladan rehnet, gaýgyly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we beýik milletimize gynanç we sabyr dileýäris" diýip bellendi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, "Penje Bürgüt-2" operasiýasynda düýn 2 esgeriň şehit bolandygyny, 4 esgeriň bolsa ýaralanandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar