Türkiýe Sudanda Hökümetiň Gurulmagyndan Hoşal

“Dost we doganlyk ýurt Sudan Respublikasynda täze hökümetiniň gurulmagyna hoşallyk bildirýäris”

1580304
Türkiýe Sudanda Hökümetiň Gurulmagyndan Hoşal

 

Türkiýe, Sudanda 2019-njy ýyldaky harby agdarlyşykdan soň başlan geçiş döwrüniň ikinji hökümetiniň gurulmagyndan hoşal.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Dost we doganlyk ýurt Sudan Respublikasynda 2021-nji ýylyň 8-nji fewralynda geçiş döwrüniň täze hökümetiniň gurulmagyna hoşallyk bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, täze hökümetiň 2020-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda baglaşylan Parahatçylyk şertnamasyna laýyklykda gurlandygy bellenildi.

Beýannamada “Täze hökümetiň Sudanda parahatçylygyň, durnuklylygyň we asudalygyň ýola goýulmagy üçin uly jogapkärçiligi öz üstüne aljakdygyna ynanýarys” diýildi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Türkiýe hökmünde şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem doganlyk Sudanyň hökümetine we halkyna goldaw bermäge dowam ederis” diýildi.


Etiketkalar: #hökümet , #hoşallyk , #Sudan

Degişli Habarlar