Erdogan: "Milletimize hyzmatymyzy, ýurdumyzy has hem galkdyndyryp, güýçlendirip görkezýäris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Milletimize hyzmatymyzy, ýurdumyzy has hem galkdyndyryp, güýçlendirip görkezýäris" diýip belledi.

1579472
Erdogan: "Milletimize hyzmatymyzy, ýurdumyzy has hem galkdyndyryp, güýçlendirip görkezýäris" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň Baýburt, Giresun, Nigde we Zonguldak welaýatlarynyň 7-nji nobatdaky kongresine göni aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

"Koronawirus epidemiýasy tapgyrynda dünýäde başdan geçirilenler, ýurdumyz üçin soňky 18 ýylda amala aşyran infrastruktura taslamalarymyzyň bize nähili derejede peýdasynyň bardygyny görkezdi" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Hemişe belläp geçişimiz ýaly şu günki güne çenli näme eden bolsak milletimiz bilen bilelikde amala aşyrdyk. Nämäniň hötdesinden gelen bolsak, milletimiz bilen birlikde geldik. Türkiýäni 2023-nji ýyldaky maskatlaryna, 2053-nji ýyldaky maskatnamalaryna ýene-de milletimiz bilen bilelikde ýeteris" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Terror guramalaryna garşy göreşden serhetlerimiziň howpsuzlygyny üpjün etmege çenli, ähli ejir çekýänlere el uzatmaga çenli tutanýerli syýasatlarymyz bilen ýurdumyzyň abraýyny artdyrýandygymyz üçin bagtyýardyrys" diýip belledi. 

Erdogan: "Gara deňizdäki buraw işleri bilen baglanşykly bolsa: "Biz häzirki wagtda Gara deňizde tebigy gaza ýetdikmi? Fatih gämisi bilen ýetdik. Indi nesip bolsa Kanuni gämisi bilen hem ýeteris. Buraw işlerimiz dowam edýär. Has hem tapawutly sepgide ýeteris. Indi mundan soň deňiziň düýbünde buraw işlerini geçirmäge başlarys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar