PKK-a agza ýene-de 5 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 5 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

1576986
PKK-a agza ýene-de 5 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi ýene-de 5 terrorçynyň edilen tagallalaryň netijesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigini, boýun egen terrorçylaryň biriniň maşgalasynyň Diýarbakyrda eýýäm 520 gün bäri dowam edýän eneleriň nobaty aksiýasyna gatnaşýan maşgalalaryň biridigini habar berdi. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Içeri işler ministrliginiň koordinasiýasy esasynda Žandarma güýçleriniň Baş serkerdeligi we Içeri işler edarasynyň Baş müdürligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde PKK/KJK terror guramasyndan gaçan 5 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Beýanatda boýun egen terrorçylaryň biriniň maşgalasynyň Diýarbakyrda 520 gün bäri dowam edýän eneleriň nobaty aksiýasyna gatnaşýan maşgalalaryň biridigi bellenip: "Boýun egen terrorçy bilen birlikde eneleriň nobatynda eýýäm 23-nji maşgala öz çagasyna gowuşdy. 2021-nji ýylyň içinde edilen tagallalaryň netijesinde boýun egen terrorçylaryň sany 21-e ýetdi" diýip mälim edildi. 

Boýun egen terrorçylaryň 2008-nji, 2010-njy we 2015-nji ýyllarda terror guramanyň düzümine goşulandyklary we soňky gezek bolsa Yrakda we Siriýada iş alyp barandyklary anyklandy. 

Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Çatakly aýlyk metbugat ýygnagynda beren beýanatynda, ýanwar aýynda geçirilen içerki howpsuzlyk operasiýalarynda 73 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 


Etiketkalar: #Diýarbakyr , #terrorçy , #PKK

Degişli Habarlar