Ibrahim Kalyn Ak Tamyň Milli Howpsyzlyk Boýunça Kömekçisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Kalyn telefon söhbetdeşliginde täze wezipesine başkan Salliwany gutlady

1576246
Ibrahim Kalyn Ak Tamyň Milli Howpsyzlyk Boýunça Kömekçisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, Kalyn telefon söhbetdeşliginde täze wezipesine başkan Salliwany gutlady.

Kalyn bilen Salliwan telefon söhbetdeşliginde täze döwürde Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi we ýakyndan aragatnaşyk saklanmagy hakynda pikir alyşdy.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyň we arkalaşygyň ähmiýetine üns çekildi.

Telefon söhbetdeşliginde Siriýada we Liwiýada syýasy çözgüt etabynyň güýçlendirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy.

Kalyn bilen Salliwan, Idlibde başdan geçirilýän soňky wakalar, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda geçirlen alynky geňeşmeler, Gündogar Ortaýer deňizinde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy barada hem pikir alyşdy.

Ibrahim Kalyn, ABŞ-nyň Pariž şertnamasyna dolanmagyndan hoşaldyklaryny belledi we klimat çalşygyna garşy göreşde halkara arkalaşygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

S-400, F-35 we ekstremist terror guramasy PÝD-ÝPG ýaly iki ýurduň arasynda düşnüşmezlige sebäp bolan meseleleriň çözülmegi üçin birlikde tagalla edilmeginiň möhümdigi ýatladyldy.

Iki hyzmatdaş ýurduň täze döwürde, NATO-nyň täsiriniň güýçlendirilmegine, sebitara we halkara meseleleriň çözülmegine goşant goşmagy üçin tagalla etmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy.



Degişli Habarlar