"Germaniýa bilen goranmak we howpsuzlyk ugurlary boýunça anyk ädimler ederis"

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, öňümizdäki günlerde Germaniýa bilen goranmak we howpsuzlyk ugurlary boýunça anyk ädimler etjekdiklerini habar berdi

1576527
"Germaniýa bilen goranmak we howpsuzlyk ugurlary boýunça anyk ädimler ederis"

Düýn Germaniýanyň Goranmak ministri Annegret Kramp Karrenbauer bilen geçiren duşuşygy bilen bagly beýanat beren Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, duşuşygyň ahyrynda ençeme ugur boýunça meňzeş garaýyşa eýediklerine göz ýetirendiklerine uly hoşallyk bildirendiklerini belläp: "Öňümizdäki günlerde bu duşuşygyň esasynda esasan hem goranmak we howpsuzlyk ugurlary boýunça käbir anyk ädimleriň ediljekdigini pikir edýärin. Germaniýa bilen Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine gerek bolan biri-birinden tapawutly ýarag ulgamlary, ulag, enjam we goşmaça şaý-sepler babatynda örän berk gatnaşyklarymyz bar. Öňümizdäki etapda bu babatda oňyn hadysalaryň bolmagyna garaşýarys" diýip belledi. 

Hulusi Akar, Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary önümçiliginde möhüm sepgide ýetendigini belläp: "Uçarmansyz howa ulaglary bilen birlikde ençeme ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmegimizi dowam etdirip biljekdigimizi nygtap geçdik" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň we Gresiýanyň harby wekiliýetleriniň arasynda NATO-nyň Baş ştabyndaky maslahatlaryň hem üstünde durup geçen Hulusi Akar, şu günki güne çenli 8 aýry maslahatyň geçirilendigini ýatladyp, şol maslahatlaryň dowam etmegine garaşýandyklaryny mälim etdi. 

Iki ýurdyň arasyndaky deslapky gepleşikleriň Stambulda geçirilendigini ýatladan Akar, ynam döretjek hereketleriň çäginde ikisi Afinyda, biri Ankarada bolmak bilen jemi 3 maslahatyň geçirilendigini belläp: "Şonuň dördünjisinede ýer eýeçiligini etmäge taýardygymyzy aýdyp geçdik. Maslahatlaryň dowamy üçin grek goňşularymyzyň Ankara gelmegine garaşýarys. Bu maslahatlarda dialogy dowam etdirmek bilen Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky meselelere syýasy, parahatçylykly çözgütler tapmagy umyt edýäris. Bu babatda biz örän tutanýerlidiris. Bu meseleleriň çözülmegi üçin gerek bolan goşantlary goşmaga taýardygymyzy her kimiň bilmegini isleýäris" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar