DAIŞ-iň Bilim ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren terrorçy Sakarýada tussag edildi

Terror guramasy DAIŞ-iň Bilim ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren Iordaniýanyň raýaty bolan terrorçy Sakarýa welaýatynda tussag edildi

1576498
DAIŞ-iň Bilim ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren terrorçy Sakarýada tussag edildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Içeri işler edarasynyň Razwedka we Terrora garşy göreş bölümleriniň koordinasiýasynda terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirilen işleriň netijesinde, guramanyň agzasy Iordaniýanyň raýaty bolan A.Z.A.D. atly terrorçy Sakarýa welaýatyndadygy anyklandy. 

Geçirilen operasiýa bilen göz tussaglygyna alynan terrorçynyň, terror guramasy DAIŞ-iň 2014-2017-nji ýyllar aralygynda Yrakda we Siriýada gözegçiligi astyndaky ýerleriň ähli bilim berýän edaralaryndan jogapkär hökmünde "Bilim ministriniň orunbasary" wezipesini ýerine ýetirendigi anyklandy. 

Terrorçynyň ady agzalan ýerlerde zamun alan adamlary wagşylyk bilen öldürendigi we şol aksiýalarynyň wideo we surat ýazgylaryny bolsa guramanyň propoganda maksatly ulanýan sosial media saýtlaryndan çap edendigi kesgitlendi. 

Içeri işler edarasyndaky işlerinden soň kazyýete ugradylan terrorçy tussag edildi. 



Degişli Habarlar