Türkiýe “Parahatçylyk Çeşmesi” Operasiýasy Zolagynda Halka Ynsanperwer Kömegini berdi

Aziziýe obasynda kömege mätäç halka ynsanperwer kömegi berildi

1575194
Türkiýe “Parahatçylyk Çeşmesi” Operasiýasy Zolagynda Halka Ynsanperwer Kömegini berdi

 

Türkiýe, Siriýada “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda halka ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýär.

Milli goranmak ministrligi, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda ýerleşýän Aziziýe obasynda kömege mätäç halka ynsanperwer kömeginiň berlendigini mälim etdi.

Milli Goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda iş barýan türk esgerleriniň sebitiň ýaşaýjylarynyň umudy bolmaga dowam edýändigi nygtaldy.

2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 9-y bilen nobaýr aýynyň 25-i aralygynda Türk ýaragly güýçleri bilen Siriýanyň Milli goşuny tarapyndan geçirlen “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen Siriýanyň Halap, Haseke we Rakka welaýatlarynyň demirgazygy ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň basyp alyşlygyndan halas edilipdi.



Degişli Habarlar