Mustafa Şentop, Mýanmadaky Harby Agdarlyşygy Ýazgardy

“Mýanmanyň goşunynyň ýurduň saýlanan hökümetini we döwlet baştutanyny agdarmagyny ýazgarýaryn"

1575492
Mustafa Şentop, Mýanmadaky Harby Agdarlyşygy Ýazgardy

 

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Mýanmadaky harby agdarlyşygy ýazgardy.

Şentop sosial mediadan beren habarnamasynda, “Mýanmanyň goşunynyň ýurduň saýlanan hökümetini we döwlet baştutanyny agdarmagyny ýazgarýaryn. Halkyň ygtyýaryna sarpa goýmaýan agdarlyşyklaryň dünýäniň hiçbir ýurdunda başdan geçirilmezligini arzuw edýärin” diýdi.



Degişli Habarlar