Türkiýe Somalide guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýe Somaliniň paýtagty Mogadişu şäherinde düýn guralan bombaly hüjümi ýazgardy

1574777
Türkiýe Somalide guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Somaliniň paýtagty Mogadişu şäherinde ýerleşýän Afrik atly myhmanhanada terror guramasy Aş-Şabab tarapyndan düýn guralan bombaly hüjümde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu elhenç hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys. Doganlyk Somaliniň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris. Türkiýe terrora garşy göreşde Somaliniň hökümetiniň we halkynyň ýanynda bolmaga dowam eder" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar