Süleýman Soýlu: "DAIŞ-iň Türkiýedäki jenaýatçysy tussag edildi" diýdi

Içeri işler ministr Süleýman Soýlu, mesele bilen bagly Twitter hasabyndan beýanat berdi

1575095
Süleýman Soýlu: "DAIŞ-iň Türkiýedäki jenaýatçysy tussag edildi" diýdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, terror guramasy DAIŞ-iň Türkiýedäki jenaýatçysynyň Ýalowada geçirilen operasiýa bilen tussag edilendigini habar berdi. 

Içeri işler ministr Süleýman Soýlu, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Terror guramasy DAIŞ-e garşy Ýalowada möhüm bir operasiýa geçirildi. DAIŞ-iň Türkiýedäki jenaýatçysy saklandy we tussag edildi. Operasiýa tamam boldy. Içeri işler edarasynyň Terrora garşy bölümini, Milli Howpsuzlyk gullugymyzy, Ýalowa welaýatynyň Içeri işler edarasyny we Ýalowanyň Respublikan Baş prokuraturasyny gutlaýarys" diýip belledi. 


Etiketkalar: #DAIŞ , #Süleýman Soýlu

Degişli Habarlar