Erdogan: Geçen hepde nämeler etdik?

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, sosial media hasabyndan Geçen hepde nämeleriň edilendigi bilen bagly maglumat paýlaşdy

1570539
Erdogan: Geçen hepde nämeler etdik?

Prezident Erdogan, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Geçen hepde esasan hem oba-hojalyk, energetika we goranyş senagaty ugurlarynda ençeme hyzmaty we taslamany durmuşa geçirdik, taslamalaryň gurluşyklaryna badalga berdik. Türkiýäni has abadan gelejege ýetirmek üçin erjellik we tutanýerlilik bilen işlemäge dowam ederis" diýip belledi. 

Erdogan: "Mili fregat Stambul F515 deňize çykaryldy, Ergani we Başlar suw howdanlary bilen Ergani agyz suwy arassalamak desgasyny ulanmaga berdik, Silwan suw howdanynyň duldurmak işleri tamamlandy, Ykdysady galkynyş we hyzmatdaşlyk guramasynyň Stambulda merkezi açyldy, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň 2019-2020 ýörite sylaglary bilen bagly dabara geçirildi" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #hepde , #beýanat , #Erdogan

Degişli Habarlar