Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Bosgunlar deslapky işlerinden soň welaýat Migrasiýa gullugyna alynyp gidildi

1568039
Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Izmir welaýatynyň Dikili etrabynyň suw giňişliginde Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullygy tarapyndan Tükriýäniň suw giňişligine yzyna itilen 32 bosgun halas edildi. 

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli toparlar, Dikili etrabynyň suw giňişliginde çiýşirilen gaýykdaky bosgunlaryň kömek soramaklaryna laýyklykda şol ýere gönükdirildiler. 

Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilendigi anyklanan gaýykdaky 32 bosgun halas edilip, kenara çykaryldylar. 

Bosgunlar deslapky işlerinden soň welaýat Migrasiýa edarasyna alynyp gidildi. 

Balykesir welaýatynyň Aýwalyk etrabynyň suw giňişliginde hem çiýşirilen gaýyklary hatardan çykan, aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan jemi 38 bosgun hem Türkiýäniň Kenarýaka Howpsuzlyk gullugy tarapyndna halas edilip, kenara çykaryldylar. 



Degişli Habarlar