Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1567089
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Parahatçylyk Çeşmesi sebitine guralmak islenen hüjümleriň ýene-de biriniň öňi alyndy. Asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak maksady bilen hüjüm guran PKK-ÝPG-e agza 3 terrorçy gahryman desant güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan edilen tagallalaryň netijesinde terror guramasy PKK/KJK-a agza ýene-de 1 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, boýun egen terrorçynyň guramanyň düzümine 2013-nji ýylda goşulandygy, soňky gezek bolsa Yrakda iş alyp barandygy anyklandy. 

Şeýlelik bilen 2021-nji ýylda edilen tagallalaryň netijesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 10-a ýetdi. 



Degişli Habarlar