Türkiýe Bilen Gresiýanyň Arasyndaky Geňeşmeler 25-nji Ýanwarda Başlar

“Geňeşmeleriň 61-nji tapgyry 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Stambulda başlar”

1561748
Türkiýe Bilen Gresiýanyň Arasyndaky Geňeşmeler 25-nji Ýanwarda Başlar

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky geňeşmeleriň 61-nji tapgyry 25-nji ýanwarda Stambulda başlar.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Geňeşmeleriň 61-nji tapgyry 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Stambulda başlar” diýildi.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky geňeşmeler, Egeý meselesiniň iki tarapyň arasynda adalatly, yzygiderli we giň gerimli ýagdaýda çözülmegi maksady bilen 2002-nji ýylyň 12-nji martynda paýtagt Ankarada başlapdy.

Iki ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilýän gepleşikleriň soňkysy 60-njy tagyry bolsa 2016-njy ýylyň 1-nji martynda Gresiýanyň paýtagty Afinide geçirlipdi.

Döwrüň grek hökümeti tarapyndan saklanan gepleşikler, şol günden bäri syýasy gepleşikler görnüşinde dowam edipdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu düýn paýtagt Ankarada beren beýannamasynda “Gresiýany ýanwar aýynda geçiriljek geňeşmelere çagyrýarys” diýipdi.

Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Miçotakis bolsa “Türkiýe bilen geçiriljek geňeşmelere gatnaşarys” diýipdi



Degişli Habarlar