Mewlüt Çawuşogly Ýewropa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşyk geçirdi

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň gelejegini Ýewropada görýändiklerini we onuň hötdesinden bilelikde gelip biljekdiklerini habar berdi

1562049
Mewlüt Çawuşogly Ýewropa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ýewropa ýurtlarynyň Ankara şäherindäki ilçileri bilen Çankaýa köşgünde duşuşyk geçirdi.  

Çawuşogly ol ýerde eden çykyşynda, 2021-nji ýylyň raýdaşlygyň, köp taraplylygyň, diplomatiýanyň we dialogyň höküm sürjek bir ýyl bolmagyny diledi. 

Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň üstünde durup geçen Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, reform gün tertibinde tutanýerlidiklerini belläp: "ÝB bize goldaw bermeli. Gelejegimizi Ýewropada görýäris we onuň hötdesinden bilelikde gelip bileris" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar