Ministirler kabinetiniň mejlisiniň 2021-nji ýyldaky ilkinji maslahaty şu gün geçiriler

Ministirler kabinetiniň mejlisiniň 2021-nji ýyldaky ilkinji maslahaty şu gün uly bir gün tertip bilen geçiriler

1560860
Ministirler kabinetiniň mejlisiniň 2021-nji ýyldaky ilkinji maslahaty şu gün geçiriler

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek maslahatda, koronawirus epidemiýasyna garşy şu günki güne çenli görülen öňüni alyş çäreler gözden geçiriler, täze öňüni alyş çäreleriň görülip-görülmejegi ele alynar, sanjym tapgyry we sanjymyň getirilmegi ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Ykdysadyýetdäki görkezijiler, terrora garşy göreşiň soňky ýagdaýy we sebitleýin meseleler Ministirler kabinetiniň mejlisiniň maslahatynda ele alynjak ugurlar bolar. 

Daşary syýasatda bolsa Günbatar bilen edilýän gatnaşyklaryň soňky ýagdaýy gözden geçiriler, şu aýyň ahyrynda geçirilmegine garaşylýan Türkiýe-Ýewropa Bileleşigi maslahatynyň taýarlyklary maslahatlaşylar. 

Maslahatda mundan başgada ABŞ-da wezipä täze başlajak hökümet ediljek gatnaşyklaryň hem ele alynmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar