Türkiýe Bilen Albaniýanyň Arasyndaky Gatnaşyklarda Täze Sahypa Açylar

Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama Ankarada saparda boldy

1558872
Türkiýe Bilen Albaniýanyň Arasyndaky Gatnaşyklarda Täze Sahypa Açylar

Prezident R. T. Erdogan, Albaniýa bilen ykdysady taýdan edilýän hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyny göz öňünde tutýandyklaryny aýtdy.

Prezident Erdogan, paýtagt Ankarada saparda bolan Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama bilen bolan duşuşygyndan we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berdi.

Erdogan, Albaniýa infstruktura we syýahatçylyk pudagynda goýlan maýa goýumlaryň artdyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini we ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyny göz öňünde tutýandyklaryny belledi.

Türkiýäniň goldaw bermeginde Albaniýada hassahana guruljakdygyny aýdan Erdogan “Albaniýada Maarafi gaznasynyň uniwersiteti bilen ol ýerde Stambul Tehniki uniwersiteti ýaly uniwersitet açylar” diýdi.

Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama bolsa Prezident Erdogan bilen bolan duşuşygynda özara gatnaşyklarda täze sahypanyň açylmagy üçin tagalla edilýändigini görendigini aýtdy.

Edi Rama, Albaniýada bolan ýer titremelerinde kömek beren we hemişe ýurduna goldaw berýän türk halkyna hem sagbolsun aýtdy.

 



Degişli Habarlar