"Türkiýe Milli Ylalaşyk hökümetiniň talabyna oňyn jogap bermesedi Liwiýada haos bolardy"

Mewlüt Çawuşogly: "Türkiýe Milli Ylalaşyk hökümetiniň talabyna oňyn jogap bermesedi Liwiýada haos bolardy" diýip habar berdi

1553663
"Türkiýe Milli Ylalaşyk hökümetiniň talabyna oňyn jogap bermesedi Liwiýada haos bolardy"

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, merkezi ofisi Parižde ýerleşýän "Ýaş Afrika" gazedine beýanat berdi. 

Türkiýäniň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda Liwiýa harby tälim berendigini aýdan Çawuşogly, Liwiýalylara goşun döretmek, goranyş pudagyny ösdürmek, ýurtlarynyň durnuklylygyna we territorial bütewiligine howp emele getirýän güýçlere garşy göreş alyp barmak ýaly ugurlar boýunça kömek berendiklerini habar berdi. 

Türkiýäniň Liwiýadaky krizisiň çözgüdiniň harby däl eýsem syýasydygyny ençeme gezek belläp geçendigini aýdan Çawuşogly, BMG-nyň bu babatdaky çözgüdine goldaw berýändiklerini mälim etdi. 

Mewlüt Çawuşogly Liwiýada 2021-nji ýylyň 24-nji dekabrynda geçiriljek saýlawlardan hoşaldyklaryny belläp: "Türkiýe huntaçy general Halife Haftere we oňa goldaw berýänlere garşy BMG tarapyndan ykrar edilen Milli Ylalalşyk hökümetiniň talabyna oňyn jogap bermesedi Liwiýada haos bolardy. Eden tagallalarymyzyň saýasynda ýeliň ugry üýtgedi, şeýlelik bilen liwiýalylaryň arasynda dialogyň we BMG-nyň öňbaşçylyk etmeginde ylalaşyk tagallalary emele gelmäge başlady" diýip aýan etdi. 

BMG etabynyň we liwiýalylaryň arasyndaky dialogda uly öňe gidişlikleriň edilendigine ünsleri çeken Mewlüt Çawuşogly, şu günki gün liwiýalylaryň öz ykballaryny gözegçilik astyna almaklary we milli çözgüde ýetmekleri babatyndaky tagallalaryny takdyr edýändiklerini habar berdi.

Çawuşogly geçmişdäki ýalňyşlaryň gaýtalanmaly däldigini we hüjümleriň hiç bir görnüşine geçirimlilik etmeli däldigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar