Türkiýe BioNTech Firmasyndan 30 Million Sanjym Alar

BioNTceh firmasy tarapyndan täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen sanjymyň satyn alynmagy üçin şertnama baglaşyldy

1552146
Türkiýe BioNTech Firmasyndan 30 Million Sanjym Alar

 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Twitterden beren habarnamasynda düýn gije 04.30 töweregi BioNTceh firmasy tarapyndan täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen sanjymyň satyn alynmagy üçin şertnama baglaşylandygyny aýtdy.

Ministr Koja “Baglaşylan şertnama laýyklykda Pfor. Dr. Ugur Şahin Türkiýä ilkinji etapda 550 müň sanjymyň beriljekdigini aýtdy. Şol mukdaryň Türkiýä üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli ýada ýanwar aýynyň başynda gelmegine garaşylýar. Mart aýynyň ahyryna çenli bolsa jemi 4,5 milllion sanjym ýurdumyza getirler. Biz BioNTech firmasyndan jemi 30 million doza sanjym alarys” diýip belledi.

BioNTech firmasy bilen şertnama bagşylmagy we käbir bökdençlikleriň ortadan aýrylmagy üçin Prof. Dr. Ugur Şahiniň uly tagalla edendigini aýdan Koja “Türkiýe üçin eden ýagşylygyny ýatdan çykarmarys. Halkymyzyň adyndan oňa ýene-de bir gezek sagbolsun aýdýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar