“Men Sanjym Etdirerin”

“Ilkinji etapda Hytaýdan we Germaniýadan geljek sanjymlar bilen birlikde sanjym tapgyry başlar.

1551937
“Men Sanjym Etdirerin”

 

Prezident R. T. Erdogan, täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen sanjymy etdirjekdigini aýtdy.

Erdogan, Stambulda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

Prezident Erdogan Kovid-19 sanjymy hakynda, “Ilkinji etapda Hytaýdan we Germaniýadan geljek sanjymlar bilen birlikde sanjym tapgyry başlar. Sanjym etdirjekdigimi ozal Aýasofýa metjidinde beren beýannamamda hem aýdypdym. Bu meselede ähli raýatlaryma hem sanjym etdirmekleri üçin çagyryş berýärin” diýdi.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan. “Özara söwda gatnaşyklarymyz gün saýyn ösýär. Gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak bilen dowam etdirjekdigimize ynanýaryn” diýip belledi.

Türkiýe bilen Ysraýylyň arasynda maglumat çalşygy meselesinde gatnaşyklaryň dowam edýändigini aýdan Erdogan “Ysraýyly ýolbaşçylar bilen käbir kynçylyklary başdan geçirýäris. Ysraýylyň Palestina meselesinde alyp barýan syýasatyny we Palestinadaky basyp alyşlygyny asla kabul etmeris”diýdi.



Degişli Habarlar