Erdogan Türkiýäniň Dakkadaky ilçihanasynyň täze binasynyň açylyşyna wideo ýüzlenme ugratdy

Erdogan Türkiýäniň Dakka şäherindäki ilçihanasynyň täze binasynyň açylyşy dabarasyna wideo ýüzlenme ugratdy

1550636
Erdogan Türkiýäniň Dakkadaky ilçihanasynyň täze binasynyň açylyşyna wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň Dakka şäherindäki ilçihanasynyň täze binasynyň, Bangladeş döwleti bilen edilýän gatnaşyklara berilýän ähmiýediň subutnamasydygyny belledi. 

Erdogan, Türkiýäniň Dakka şäherindäki ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna wideo ýüzlenme ugratdy. 

Resmi açylyş üçin Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Dakka şäherine barandygyny, özüniň hem açylyş dabara göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşmakdan hoşaldygyny aýdan Erdogan, şol owadan eseriň Bangladeş döwleti bilen edilýän gatnaşyklara berilýän ähmiýediň subutnamasydygyny belledi. 

Bangladeş bilen edilýän gatnaşyklaryň başga bir möhüm bölümini Rohingýa musulmanlaryň ýagdaýynyň emele getirýändigini aýdan Erdogan: "Bangladeşiň gyrgynçylykdan gaçan Rohingýa musulmanlaryna eýe çykan adamzat we wyždan taýdan dogry pozisiýasyny takdyr edýäris. Bangladeşdäki we Mýanmadaky çadyr düşelgelerde ýaşaýan Rohongýalylaryň ýaralaryny sarmak üçin ynsanperwer kömeklerimizi dowam etdirýäris. Bu babatda Bangladeşe goldaw bermäge we meseläniň adalatlylyk esasynda çözülmegi üçin ähli platformalarda tagalla etmäge dowam ederis" diýip habar berdi.



Degişli Habarlar