Mustafa Şentop Demirgazyk Makedoniýada saparda bolýar

Demirgazyk Makedoniýanyň Prezidentligi tarapyndan ýazmaça beýanat berildi

1549774
Mustafa Şentop Demirgazyk Makedoniýada saparda bolýar

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, 21-nji dekabr Türk dilinde bilim güni mynasybetli Demirgazyk Makedoniýa döwletine guran saparynyň çäginde düýn Prezident Stewo Pendarowski bilen duşuşyk geçirdi. 

Demirgazyk Makedoniýanyň Prezidentligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, duşuşykda, güýçli dostlyk we hyzmatdaşlyk ruhunyň içindäki Demirgazyk Makedoniýa-Türkiýe gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy. 

Prezident Pendarowski, duşuşykda, NATO alýansynyň çäginde iki ýurdyň sebitiň durnuklylygyna we howpsuzlygyna goşant goşýandygyna ynanýandygyny beýan etdi. 

Pendarowski we Şentop, parlamentara hyzmatdaşlyk bilen birlikde ikitaraplaýyn bähbitleriň ähli ugurlar boýunça has hem berkemegine garaşýandyklaryny habar berdiler. 

Duşuşykda mundan başgada, täze görnüş koronawirus epidemiýasy bilen baglylykda ýurtlaryň häzirki ýagdaýy we sebitdäki umumy ýagdaýyň üstünde durulyp geçildi we ol barada pikir alyşyldy. 

Prezident Pendarowski mundan başgada, Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde beren kömegine minnetdarlyk bildirip, jebislik, hyzmatdaşlyk we döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn goldawyň global epidemiýa garşy göreşde üstün çykmak taýdan möhümdigini belläp geçdiler. 



Degişli Habarlar