Mewlüt Çawuşogly Žozep Borrel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrel bilen söhbetdeş boldy

1549562
Mewlüt Çawuşogly Žozep Borrel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrel bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Çeşmeler telefon söhbetdeşliginiň Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen geçiren söhbetdeşliginde orta atylan meseleleriň gözegçiligi üçin geçirilendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar