Britaniýa, Daniýa, Gollandiýa we Günorta Afrika Bilen Uçar Saparlary Bes Edildi

“Girizilen goşmaça çäreleriň çäginde ýolda bolan uçuşlar bilen gelen ähli ýolagçylar testden geçirler we belli möhlet karantinde bolar”

1548813
Britaniýa, Daniýa, Gollandiýa we Günorta Afrika Bilen Uçar Saparlary Bes Edildi

Britaniýadan, Daniýadan, Gollandiýadan we Günorta Afrikadan Türkiýä guralýan uçar saparlary wagtlaýyn bes edildi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Twitterden beren habarnamasynda “Täze görnüş koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli Prezident R. T. Erdoganyň görkezmesi bilen, Transport we infstruktura ministrligimiz bilen geçirlen gepleşiklerden soň Britaniýadan, Daniýadan, Gollandiýadan we Günorta Afrikadan ýurdumyza guralýan uçar saparlarynyň wagtlaýyn bes edilmegi barada karar kabul edildi” diýdi.

Ministr Koja “Girizilen goşmaça çäreleriň çäginde ýolda bolan uçuşlar bilen gelen ähli ýolagçylar testden geçirler we belli möhlet karantinde bolar” diýdi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Britaniýada anyklanan wirusyň mutasiýa geçiren görnüşine Gollandiýada, Daniýada we Awstraliýada gabat gelinendigini habar beripdi.



Degişli Habarlar