Hulusi Akar we Mewlüt Çawuşogly Ukraina sapar gurar

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar we Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ukraina sapar gurar

1547336
Hulusi Akar we Mewlüt Çawuşogly Ukraina sapar gurar

Ukrainada 9-njy Ýokary derejeli Strategik geňeş maslahatynyň taýarlygy we Türkiýe-Ukraina Daşary işler we Goranmak ministrleriniň gatnaşmagyndaky "2+2" formatynda maslahat geçiriler. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden mesele bilen bagly berilen beýanatda, Akar we Çawuşogly şol maslahata gatnaşmak maksady bilen 17-18-nji dekabr aralygynda Ukraina resmi sapar gurajakdygy we gepleşikleriň barşynda esasan hem senagat taslamalaryny maslahatlaşjakdygy habar berildi. 

Beýanatda, ministr Çawuşoglynyň mundan başgada, Ukrainadaky Krym tatar, gagauz we ahyskaly kowumdaşlaryň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirjekdigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar