Fuat Oktaý ABŞ-nyň sanksiýa kararyny ýazgardy

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, ABŞ-nyň sanksiýa kararyny ýene-de bir gezek ýazgardy

1546533
Fuat Oktaý ABŞ-nyň sanksiýa kararyny ýazgardy

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, TBMM-niň Baş geňeşine Prezidentiň 2021-nji ýyl bilen bagly býujetini hödürledi. 

ABŞ-nyň sanksiýa kararyny 4 syýasy partiýanyň gol çekip bilelikdäki beýannama bilen ýazgaran we şeýlelik bilen milli jebisligini görkezen TBMM-däki umumy beýannama gol çeken partiýalara minnetdarlyk bildiren Fuat Oktaý, bu hukuksyz sanksiýa kararyny ýene-de bir gezek berk ýagdaýda ýazgarýandygyny mälim etdi. 

Oktaý, eden çykyşynda, dünýäniň iň uly 100 goranyş kärhananyň arasynda 7 türk kärhananyň bardygyny habar berdi. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý: "Şu günki gün bütin dünýäniň haýranlyk bilen gözegçilik edýän we Türkiýäni daşary ýurtlara bolan garaşlylygyndan azat etjek döwrebap howa goranyş ulgamlaryny hem özgerdip bilýäris. Bize garşy kabul etmäge çalyşylýan sanksiýalar özgertmäge çalyşýan ulgamlarymyzy has hem öň özgertmerigimize goşant goşar" diýip belledi. 

Günbatar ýurtlaryna hem ýüzlenme beren Oktaý: "Biz eli ganly terrorçylary hinlerinde nyşana alýarys, emma olaryň sesi Fransiýadan gelýär, Günbatardaky käbir beýleki ýurtlardan gelýär" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar