Mewlüt Çawuşogly Gwineýa sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden, ministr Mewlüt Çawuşoglynyň Gwineýa gurajak sapary bilen bagly beýanat berildi

1545107
Mewlüt Çawuşogly Gwineýa sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gwineýanyň Prezidenti Alfa Kondeniň Prezident wezipesine ýaňadandan saýlanmagy mynasybetli geçiriljek kasam edişlik dabarasyna gatnaşar. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden, ministr Mewlüt Çawuşoglynyň Gwineýa gurajak sapary bilen bagly beýanat berildi. 

Beýanatda: "Hormatly ministrimiz, Gwineýa döwletiniň Prezidenti Alfa Kondeniň bu wezipä ýaňadandan saýlanmagy mynasybetli geçiriljek kasam edişlik dabarasyna gatnaşmak maksady bilen 2020-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Gwineýa sapar gurar" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar