Türkiýe, Azerbaýjan Bilen Baglaşylan Teswirnamadan Hoşal

"Iki ýurduň raýatlary diňe şahsyýet resminamalary bilen Türkiýä we Azerbaýajana gidip bilerler”

1543720
Türkiýe, Azerbaýjan Bilen Baglaşylan Teswirnamadan Hoşal

 

Türkiýe, Azerbaýjan bilen şahsyýet resminamalary bilen syýahat döwrüniň başlamagy üçin baglaşylan teswirnamadan hoşaldygyny mälim etdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Prezident R. T. Erdoganyň dekabr aýynyň 9-10-y aralygynda Azerbaýjana guran saparynyň çäginde iki ýurduň raýatlarynyň şahsyýet resminamalary bilen syýahat etmekleri meselesinde baglaşylan teswirnama hoşallyk bildirlendigi nygtaldy.

Beýannamada, Azerbaýjan türk raýatlarynyň wizasyz syýahat etmeklerine rugsat bermeginden soň 25-nji fewraldan başlap iki ýurduň raýatlarynyň wizasyz syýahat möhlediniň hem 30 günden 90 güne çykarlandygy ýatladyldy.

Beýannamada “Jenap ministrimiziň azerbaýjanly kärdeşi bilen 10-njy dekabrda baglaşan teswirnamasy bilen iki ýurduň raýatlary diňe şahsyýet resminamalary bilen Türkiýä we Azerbaýajana gidip bilerler” diýildi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada “Halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrjak karar şol bir wagtda Jan Azerbaýjan bilen edýän gatnaşyklarymyzyň ýeten sepdini görkezýär”diýildi.



Degişli Habarlar