PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi
Içeri işler ministrligi terror guramasy PKK-a agza ýene-de 2 terrorçynyň Howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigini mälim etdi
Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, ekstremist terror guramasyna agza terrorçylaryň edilýän tagallalaryň netijesinde Howpsuzlyk güýçlerine boýun egmäge dowam edýär.
Şol çäkde Içeri işler ministrliginiň koordinasiýasy esasynda Içeri işler edarasy we Žandarma güýçleriniň Baş serkerdeligi tarapyndan geçirlen işleriň netijesinde PKK-dan gaçan ýene-de 2 terrorçy, Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.
Terrorçylaryň terror guramasynyň düzümine 1993-nji we 2016-njy ýyllarda goşulandyklaryny, Türkiýede, Siriýada we Yrakda iş alyp barandyklaryny boýun aldylar.
Şu ýylyň başyndan bäri edilen tagallalaryň netijsinde terror guramasy PKK/KJK-dan gaçyp Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 225-e ýetdi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.