“Şertnama Laýyklykda Sanjymyň Birinji Böleginiň 11-nji Dekabrdan Soň Türkiýä Gelmegine Garaşylýar”

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

1538593
“Şertnama Laýyklykda Sanjymyň Birinji Böleginiň 11-nji Dekabrdan Soň Türkiýä Gelmegine Garaşylýar”

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 193 boldy

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 14 müň 129 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 183 müň  624 adam testden geçirilip, ýene-de 6 müň 690 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alınanlaryň sany bolsa 31 müň 923 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 4 müň 821 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 414 müň 141 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Ylym geňeşiniň maslahatyndan soň metbugata beýannama beren Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, koronawirus sanjymynyň satyn alynmagy üçin şertnama baglaşylandygyny aýtdy.

Ministr Koja, “Şertnama laýyklykda sanjymyň birinji böleginiň 11-nji dekabrdan soň Türkiýä gelmegine garaşylýar” diýdi



Degişli Habarlar