Çawuşogly Kuleba bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ukrainaly kärdeşi Dmitro Kuleba bilen duşuşyk geçirdi

1538659
Çawuşogly Kuleba bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen duşuşyk geçirdi. 

Mewlüt Çawuşogly, ministrlikde geçiren duşuşygy bilen baglanşykly Twitter hasabyndan beýanat berdi. 

Beýanatynda Kuleba bilen netijeli gepleşik geçirendiklerini bellän Çawuşogly: "Harby hyzmatdaşlyk we goranyş senagaty başda bolmak bilen gatnaşyklarymyzy güýçlendirmäge dowam ederis. Krym platformasy bilen bagly tagallalary goldaýarys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar