Mustafa Şentop Kovid-19-a garşy göreşiň üstünde durup geçdi
Mustafa Şentop, sosial media hasabynyň üsti bilen beýanat berdi
![Mustafa Şentop Kovid-19-a garşy göreşiň üstünde durup geçdi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/792d/f092/7b12/5f67396976a74.jpg?time=1719127686)
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, koronawirus epidemiýasyna garşy göreş bilen bagly: "Biziň öz üstümize düşýän wezipe saglygymyzy we ýakynlarymyzy goramak üçin görülýän çäreleri berk ýagdaýda berjaý etmek" diýip belledi.
TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, koronawirus epidemiýasyna garşy görülýän çäreler barada beýanat berdi.
Dünýäni täsiri astyna alan koronawirus epidemiýasyna garşy hökümetiň gören täze öňüni alyş çärelerini Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň yglan edendigini ýatladan Mustafa Şentop: "Biziň öz üstümize düşýän wezipe saglygymyzy we ýakynlarymyzy goramak üçin görülýän çäreleri berk ýagdaýda berjaý etmek. Ýatdan çykarmalyň epidemiýanyň öňünde, görýän çärelerimiz derejesinde güýçlidiris" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
![Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/d70c/b012/6827/6675746308657.jpg?time=1719127686)
Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy
Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde 1 esger şehit boldy