Epidemiýa Garşy Göreşde Köçä Çykma Çäklendirmesi Goýular

Iş günleri 21:00-05:00 aralygynda, hepdäniň dynç alyş günleri bolsa üznüksiz (anna 21:00-dan duşenbe 05:00-a) köçä çykma çäklendirmesi goýular

1537432
Epidemiýa Garşy Göreşde Köçä Çykma Çäklendirmesi Goýular

Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama beren Prezident R.T.Erdogan epidemiýa garşy görülen goşmaça çäreler hakynda maglumat berdi.

Şuňa laýyklykda hepdäniň iş günleri Türkiýe wagty bilen sagat 21:00-05:00 aralygynda, hepdäniň dynç alyş günleri bolsa üznüksiz (anna 21:00-dan duşenbe 05:00-a) köçä çykma çäklendirmesi goýular.

Bilim, transport, hyzmatlar pudaklarynda-da görülen çäreleriň geriminiň giňeldilendigini beýan eden Erdogan, birinji tapgyrda isleg bildirilen 50 million doza sanjymyň geljek aý urulmaga başlanjakdygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar