Fiziki Infrastruktura we Hassahanalar Boýunça Hiç Hili Kynçylyk Ýok

Prezident R.T.Erdogan koronawirusa garşy göreşde fiziki infrastruktura we hassahabalar boýunça hiç hili kynçylygyň ýokdugyny aýtdy

1535563
Fiziki Infrastruktura we Hassahanalar Boýunça Hiç Hili Kynçylyk Ýok

Erdogan Stambulda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

Kowid-19-a garşy görülýän çäreler hakynda-da durup geçen Erdogan: “Ylmy geňeşi ähli taýarlyklary görýär. Maska, fiziki aralyk we gigiýena biziň üçin iňňän möhüm. Şolara üns berilmese günsaýyn ýaýramaga dowam eder. Goşmaça çäreleriň görülmegi mejbury bolar” diýdi.

Erdogan: “Fiziki infrastruktura we hassahanalar boýunça kynçylygymyz ýok. Hasaba alynýanlaryň sanynyň artmagy, aradan çykýanlaryň sanynyň artmagy bizi gynandyrýar” diýdi.

Döwlet gaznasy hakynda-da beýannama beren Erdogan: “Döwlet gaznasynyň resmi başlygy men. Ozal kabul eden kararlarymyzy mundan beýläk hem dowam etdirýäris. Geljekki tapgyrda Döwlet gaznasyndan global derejede başgaça peýdalanmak isleýäris. Kataryň Emiriniň Türkiýä sapary edilen başlangyçlardan biri. Ylalaşyklara gol goýuldy” diýdi.

Gara deňizi Mermer deňizine birikdirjek Kanal Stambul taslamasy barada-da maglumat beren Erdogan: “Kanal Stambul taslamasynyň binagärlik taslamasy taýar. Ähli tehniki taýarlyklar taýar we indi bäsleşik tapgyryna geldi. Maýa goýumlarda haýsydyr bir bökdençlik ýok. Maýa goýumlar dowam edýär. Şolaryň hatarynda birinji orunda Kanal Stambul durýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar