Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 168 boldy

Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

1534403
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 168 boldy

 

Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 168 boldy

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 12 müň  840 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 164 müň 547 adam testden geçirilip, ýene-de 6 müň 814 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 3 müň 911 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 385 müň 480 adama ýetdi.

Ylmy geňeş epidemiýada ýetilen sepgit boýunça pikir alyşmak üçin maslahat geçirdi.

Maslahatdan soň beýannama beren Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja mundan beýläk simptomy bolmadyk hassalaryň sanynyň hem gündelik tertipde beýan ediljekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar