“Şahsyýeti Atdan Ýa-da Belgiden Ybarat Hasap Edýän Digitallaşmanyň Soňy Faşizme Barar”

Prezident R.T.Erdogan “Halkara Zenan we Adalat Maslahatynyň” onlaýn maslahatyna gatnaşdy

1534708
“Şahsyýeti Atdan Ýa-da Belgiden Ybarat Hasap Edýän Digitallaşmanyň Soňy Faşizme Barar”

Erdogan maslahatda sözlän sözünde: “Şahsyýeti atdan ýa-da belgiden ybarat hasap edýän digitallaşmanyň soňy faşizme barar” diýdi.

“Digital faşizme garşy bilelikde göreşilmeli” diýen Prezidet Erdogan: “Etniki we dini faşizmden asyrlaryň dowamynda ejir çekdik. Ähli ugurda günsaýyn ýaýbaňlanýan digitallaşmanyň esasy kemçiligi maglumata gözegçiligiň barha monopollaşmagy. Şahsyýeti atdan we belgiden ybarat hasap edýän digitallaşmanyň soňy faşizme barar. Digital faşizme garşy bilelikde göreşilmeli, çözgüt ýollary gözlenmeli. Geçen asyrda söweşmerden çekilen ýitgileri ýatdan çykarmalyň, digitallaşma bilen hem başga nähaklyklaryň ýüze çykmagynyň öňi alynmaly” diýdi.

Türkiýäniň soňky döwürde kiber hüjümlere sezewar bolýan ýurtlaryň başynda durýandygyny beýan eden Prezident Erdogan: “Serhetlerimiziň howpsyzlygy nähili möhüm bolsa, şol maglumatlaryň saklanmagy hem şonuň ýaly möhüm” diýdi.



Degişli Habarlar