Siriýada Parahatçylyk çeşmesi sebitinde 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girip, hüjüm guramak islän PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1532570
Siriýada Parahatçylyk çeşmesi sebitinde 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan terrorçylaryň öňüniň alynandygy mälim edildi.  

Beýanatda, asudalyk we durnuklylyk gurşawyny bozmak maksady bilen hüjüm guramak islän PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçynyň, desant güýçler tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 

Beýleki tarapdan Mardin welaýatynyň Dargeçit we Midýat etraplaryna degişli 4 etrapçada terror guramasy PKK-a garşy operasiýa başladyldy. 

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda bolsa, Ýyldyrym-8 operasiýasynyň çäginde Mardin welaýatynda Žandarma güýçleriniň howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçiren operasiýasynda 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar