Prezident Erdogan Bilen Şa Salman Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan bilen Şa Salman özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy

1531601
Prezident Erdogan Bilen Şa Salman Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz Al Suud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan bilen Şa Salman telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde şu ýyl Saud Arabystanynyň döwürleýin ýolbaşçylygynda geçiriljek G-20-niň Lideler maslahaty hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan bilen Şa Salman, özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi we kynçylyklaryň çözülmegi üçin gepleşik geçirilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.



Degişli Habarlar