Erdogan Antalýaly siam ekizleri we olaryň lukmanyny kabul etdi

Siam ekizleriniň bejergileri Ankara şäher hassahanasynda dowam edýär

1529437
Erdogan Antalýaly siam ekizleri we olaryň lukmanyny kabul etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Antalýaly ekizler Derman we Ýigit Ewrensel bilen ekizleri Britaniýada operasiýa edip, biri-birlerinden aýrylmaklaryny üpjün eden lukman Dr. Noor Ul Owase Jeelanini kabul etdi. 

Paýtagt Ankara şäherindäki Prezident köşgündäki kabul edilşikde, Erdogan we aýaly Emine Erdogan siam ekizlerini saglyk ýagdaýlary barada ene-atasyndan we lukmanlaryndan maglumat aldylar. 

Antalýanyň Alanýa etrabynda 2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda dünýä gelen Fatma we Ömer Ewrenseliň kelleden ýapyşyk siam ekiz bolan çagalary, Antalýada we Stambulda biri-birinden tapawutly hassahanalarda bejergi alypdylar, Emine Erdogan, 2018-nji ýylda Antalýada hassahana eden zyýaratynda siam ekizleri görüp bejergileri bilen bagly etaba şu günki güne çenli ýakyndan gözegçilik edipdi. 

Siam ekizleriniň operasiýasy London şäherindäki Great Ormond Street hassahanasynda, lukman Dr. Noor Ul Owase Jeelani tarapyndan edilipdi. 

Aralarynda 2 türk lukmanyň hem bolan 42 adamlyk topar tarapyndan geçirilen 3 uly operasiýanyň netijesinde ýapyşyk bolan kelleleri 28-nji ýanwarda aýrylan Derman we Ýigit, 10-njy iýunda Türkiýe gaýdyp gelipdiler. 

Siam ekizleriniň bejergileri Ankara şäher hassahanasynda dowam edýär. 



Degişli Habarlar