Rus wekiliýet şu gün Ankara geler

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, Russiýadan ugradyljak 20 adamlyk topar, şu gün Türkiýä geler

1527149
Rus wekiliýet şu gün Ankara geler

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Garabagdaky ylalaşykdan soň ediljek işler bilen bagly geçiriljek tehniki gepleşiklere gatnaşjak 20 adamdan ybarat rus wekiliýet şu gün Ankara gelmegine garaşylýar. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Russiýadan uly bir wekiliýetiň şu gün Ankara geljekdigini we Garabagdaky ylalaşykdan soň ediljek işler barada geçiriljek tehniki gepleşiklere gatnaşjakdygyny mälim etdi. 

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, Russiýadan ugradyljak 20 adamlyk topar, şu gün Türkiýä geler. 

Ilki bilen Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirmegi meýilleşdiren wekiliýetiň, günortandan soň bolsa Milli Goranmak ministrligine geçip tehniki gepleşiklere gatnaşmaklaryna garaşylýar. 

Ýokary derejeli harbylaryň gatnaşjak maslahatda, ylalaşyga laýyklykda taktiki we tehniki ýagdaýda haýsy tarapyň nirde durjakdygy, näçe adamyň boljakdygy, haýsy işleri ýerine ýetirjekdigi ýaly meseleler ara alynyp maslahatlaşylar. 


Etiketkalar: #Garabag , #Ankara , #wekiliýet , #rus

Degişli Habarlar