Gyzyl býulleten boýunça gözlenýän terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Süleýman Soýlu mesele bilen bagly beýanat berdi

1526730
Gyzyl býulleten boýunça gözlenýän terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, ekstremist terror guramasy PKK-nyň gyzyl býulleten boýunça gözlenýän agzasy Tunjeli welaýatyndan jogapkär ýolbaşçysy Ismail Sürgejiň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Gyzyl býulleten boýunça gözlenýän ýene-de bir terrorçynyň üstüni çyzdyk. Terror guramasy PKK-nyň Tunjeli welaýatynda jogapkär ýolbaşçysy, Ýylmaz adyny ulanýan Ismail Sürgeç, Tunjeli Ahpanos jülgesindäki operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi. Gutlaýan gahryman esgerlerimiz, Alla sizi öz penasynda saklasyn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar